Biz barada

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň medeniýet, sungat, aýdym-saz, tans, folklor, milli aýdym-saz mirasyny öwrenmek we ösdürmek, saz gurallarynda ýerine ýetirijilik, aýdym sungaty, şeýle-de sungatyň beýleki ugurlary, bilim ulgamlary, döredijilik toparlary hem-de beýleki döredijilik birleşmeleri üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlaýan döwlet bilim edarasydyr.


Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi 2023-nji ýylyň mart aýynda işe girizildi. Ýörite sungat mekdebi Türkmen milli saz gurallary, Kirişli saz gurallary, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, Sazyň taryhy we nazaryýeti, Aýdym aýtmak sungaty, Bagşyçylyk sungaty, Hor dirižýorlygy, Saz mugallymçylygy, Fortepiano, Halk saz gurallary, Horeografiýa sungaty, Nakgaşçylyk, Dizaýn ýaly ugurlar boýunça 13 sany hünär taýýarlygyny amala aşyrýar. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň täze okuw binasy, dolandyryş we beýleki desgalary Arkadag şäherinde guruldy, gurluşyk taslamasy esasynda mekdebiň binasy 240 orunlyk bolup durýar. Mekdebiň gurluşyk taslamasynda mekdepde okamak, işlemek we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen. Mekdepde okadylýan hünär ugurlarynyň aýratynlyklaryna degişli 60-dan gowrak okuw sapakhanalary, saz gurallaryny we konsert egin-eşiklerini saklamak üçin ammarlar, Informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite sapakhanalar, Horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan okuw sapakhanalary we tans zallary bardyr. Mundan başgada 286 orunlyk konsert zalynyň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ses ýazgy studiýasy we beýleki iş otaglary bar. Talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy üçin sport zaly hem-de sport türgenleşikleri üçin ýörite gurnamalar, naharhana we beýleki düzümler hereket edýär. Mekdep kämil we döwrebap saz gurallar  toplumy  bilen  doly  üpjün  edilen. Mekdepde saz gurallaryny  bejermek,  rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin niýetlenen, döwrebap gurallar bilen abzallaşdyrylan ýörite ussahana hereket edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine görnükli sungat ussady, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň ady dakyldy we mekdep Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi diýlip atlandyryldy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi öz işini «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Medeniýet hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda ýola goýýar. Mekdebiň ýerleşýän ýeri we resmi hukuk salgysy: Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaýy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi Türkmenistanyň bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga, akyl we medeni taýdan ösmäge bolan islegini kanagatlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlap, Döwlet Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň ýörelgelerine, türkmen halkyna, Watana hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylygy terbiýelemek, ýaşlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgusyny ösdürmek, ýaşlarda milli ruhy-ahlak garaýyşlaryny we özüňi alyp barmak edebini kemala getirmek, orta hünär bilimini we mekdepden daşary edep-terbiýe bermek boýunça maksatlaýyn wezipeleri alyp barýar.


Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm