“SAGDYN NESIL, SAGDYN RUHY ÝÖRELGÄMIZ – ÝOLUMYZ!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdymyzyň ähli ýerlerinde göwreli eneleriň sagdyn bolmagy, eýjejik bäbejikleriň sagdyn dünýä inmegi üçin ähli şertler üpjün edilen, esasanam, çaganyň beden we ahlak taýdan ösmeginde, jemgyýetde sazlaşykly ýaşamagynda baş wezipe edinýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda täze-täze hassahanalar, dermanhanalar, saglyk öýleri we başga-da birnäçe saglyk edaralary gurulyp, açylyp ulanylmaga berildi. 
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025 – niji ýyllar üçin Milli maksatnama” hereket edýär. Adamyň saglygyna zyýan ýetirýän zatlaryň biri hem temmäki serişdesidir. Ol adamyň esasan içki organlaryna zyýan ýetirýär. Ýagny, öýken, böwrek, dem gysma ýaly keselleriň öňüni açýar. Şonuň üçinem temmäki serişdelerden uzakda durulmalydyr. 
Gahryman Arkadagymyzyň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” diýen kitabynda aýdyşy ýaly “Türkmen saglygyň gadyryny bilýän, sagdyn durmuşa hormat goýýan halkdyr” diýip belläp geçýär. Çilim çekmek adamzadyň iň howply, zyýanly, daş-töweregi üçin erbet göreldeli endigidir. Çilim çekýän adam bütin bedenine nikotin zäherini gщýberýär. Şeýdip uzak wagtlap çilim çeken adamda temmäkä bolan garaşlylyk döreýär. Soňra töweregindäkilere, çagalara ters görelde görkezýär. Temmäki önümi ony kabul eden adamyň işdäsini kesýär, iýmit siňdirişini kynlaşdyrýar, öýkeniň howply çiş kesellerine duçar edýär. 
Şol sebäpli zyýanly endiklere baş goşmaz ýaly irden turup ylgamak, ýöremek, maşklary ýerine ýetirmek, dürli sport oýunlaryna, sagdyn iýmitlenmek bu zatlardan daşda durmaga ýardam berýär. Arassa howaly, asuda asmanly, parahat Zeminli gözel Diýarymyzda, akylly Arkadag şäherimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý etmek her bir adamyň raýatlyk borjudyr. 

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 
I ýyl talyby Dürsoltan Artykowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm