Bedew atym – uçar ganatym

Ahal teke bedewleri türkmen halkynyň taryhynda aýratyn oruna eýedir. Türkmen halkynyň uçar ganaty hasaplanylýan bedewlerimiz özleriniň gözelligi, ýyndamlygy bilen bütin dünýäni haýran galdyrýar.
   Türkmen ýazyjylary, şahyrlary, ylaýta – da, kalplary ylhamdan joşup duran türkmen ýaşlarynyň jadyly galamlarynyň ujyndan syzylyp çykýan, bedewlermizi wasp edýän ajaýyp goşgy setirleri, powestleri, rowaýatlary her bir diňleýjide, okyjyda aýratyn täsir galdyrýar:

Taryhda öçmejek şanyňyz bardyr
Arşa ýeten adyňyz giň dünýä belli
Goç ýigidiň çyn dosty ýaranydyr
Türkmeniň şöhratly bedew atlary.

   Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedew atlaryna uly sarpa goýulýar.Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesini «Türkmen bedewleriniň baýramy» diýlip yglan edildi. Dabara bilen bellenilýän bu ajaýyp baýramçylyk il arasynda asylly däbe öwrüldi. «Bedew baýramy» mynasybetli guralýan çäreler, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ýurdumyzda baýramçylyk mynasybetli maslahatlar, görnükli atşynaslar we seýisler bilen duşuşyklar, spektakyllar, konsertler we elbetde, at sport bäsleşikleri ýokary derejede geçirilýär.
   Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde hem «Bedew baýramy»  mynasybetli ajaýyp aýdym – sazly sergi gurnaldy. Bu sergide ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaş»  we «Dzaýin»  bölüminde okaýan talyplarynyň çeken ajaýyp suratlary, täsin işleri görkezildi. Nepis galamyň ujyndan çykan ajaýyp eserler, adamlara aýratyn ruhy lezzet paýlady.  
                     “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 
I ýyl talyby. Mähriban Baýgeldiýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm