BEHIŞDI BEDEWLER
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň zähmeti örän uludyr. “Mal eýesiniň gözünden suw içermiş” diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda “...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen” nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, arassa saklap, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby Begenç HAJYMYRADOW.