Sungat – köňülleriň çyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkara – Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyzyň ösmegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Ussat halypalarymyzdan, sungatyň ägirtlerinden miras galan ajaýyp aýdymlary, şirinden-şirin sazlary geljekki ýaş nesillerimize öwretmek maksady bilen ýurdumyzda halypa şägirtlik ýoly giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Köpetdagyň etegine gözellik paýlaýan ajaýyp Arkadag şäherimizde ýerleşýän, ussat halypanyň adyny göterýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi açylyp ulanylmaga berilen güninden başlap sungat äleminde aýratyn ösüşlere eýe boldy. Ussat halypa Sahy Jepbarowyň adyny göterýän bu ajaýyp sungat ojagynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary ýurdumyzda geçirilýän ähli medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, özleriniň täzeden-täze aýdymdyr-sazlary bilen halk köpçüligine ruhy lezzet paýlap gelýärler. Aprel aýynyň 22-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň gurnamagynda, ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Guwanç Saparalyýewiň drižýorlyk etmeginde ajaýyp konsert geçirildi.
Konserdiň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň orkestr toparynyň hem-de bagtyýar talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan nusgawy aýdymdyr-sazlar we tanslar diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Konsertde ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary Bagtyýar Täşdurdyýew, Bägül Maşadowa, Perhat Esenow, Myratgeldi Durdyýew, Şazada Ataýew, Gülhatyja Akmämmedowa, Oguljahan Toşşyýewa, Seýran Gadyrgeldiýew özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen diňleýjileriň aňynda ýakymly täsirleri galdyrdylar. Mundan başga-da ýörite sungat mekdebiniň talyplary Patma Saryýewa we Maksat Möwlamowyň ajaýyp tanslary konserdiň şowhunyna has-da şowhun goşdy. Konserdiň ahyrynda çykyş eden mugallymlara, talyp ýaşlara hem-de orkestr toparynyň agzalaryna gül sowgatlary gowşuryldy.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby
Altynaý ATAÝEWA.