Milli tans sungaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalary netijesinde ençeme milli baýramçylyklarymyz,däp- dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Türkmen milli tans we folklor sungaty, baý medeni mirasymyzyň özboluşly bir bölegidir. Medeniýetiň bir şahasy bolan türkmeniň tans sungaty hem gadymyýetden gözbaş alyp, häzirki zaman äheňleri, özboluşly sazlaşygy, özgertmeleri başdan geçirýär.
Tans diňe sungatyň bir bölegi bolman, eýsem onuň ynsan saglygyny dikeltmekde hem uly ähmiýeti bardyr. Ata – babalarymyzyň tans sungatyna bolan garaýyşlaryny biz öwrenýän tanslarymyzyň üsti bilen görüp bilýäris. Muňa mysal edip, “Küştdepdi”, “Sallanma”, “Palaw tansy”, “Pyýala”, “Çopan tansy” we ýene – de ençeme türkmen tanslary öz milliligini şu günlere çenli ýitirmän geldi. Tanslaryň içinde milli aýratynlygy bilen tapawutlanýan “Küştdepdi” tansy ýürege ýakyn tanslaryň biridir.
“Küştdepdi” tansy gadymy tans hökmünde esasan Balkan welaýatynda Hazar kenarynyň boýlarynda ýerleşýän obalarda has meşhur bolupdyr. Öňki döwürlerde rowaýatlara we tymsallara görä, küştdepdiniň asyl gelip çykyşy derwüşler tarapyndan bolupdyr. Ýagny olar öýlere aýlanyp her bir öýdäki jynlary kowmak üçin, ellerini we aýaklaryny hereketlendirip “Küşt-küşt” diýipdirler. Olaryň hereketlerini gören oba çagalary hem derwüşleriň eden zatlaryny gaýtalap, hereketleri tans hökmünde edipdirler. Şeýdip halk arasynda “Küştdepdi” tansy döräpdir. “Küştdepdi” tansy özüniň asyl nusgasyny ýitirmän, täzeden – täze öwüşgine eýe bolýar. Bu tans diňe ýaş oglan-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilmän, eýsem biziň goja ýaşdaky ata – enelermiz hem ýerine ýetirýärler. “Küştdepdi” tansy ÝUNESKO – nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy, biz ýaşlara milli mirasymyzyň inçe syrlaryny gaýtadan öwrenmek üçin uly höwes döretdi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň tans toparynyň talyplary hem tans sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip baýramçylyklary bezäp gelýärler. Muňa mysal edip, Nury Halmämmedowyň “Küştdepdi” sazyna täzeden öwüşgin berip, “Küştdepdi” tansyny halk köpçüligine hödürlediler.
Biz ýaşlara sungatymyzy has kämil derejelere ýetirmekde döredip berýän mümkünçilikleri üçin Milli sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli tutumlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
“Horegrafiýa sungaty” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Orazgül REJEPOWA