Nesilden-nesle geçip gelýän halypa şägirtlik ýoly

Türkmen  halkynyň  Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow:
 -Ylmy we bilimi, medeniýeti we milli sungaty  ösdürmek-bu biziň sungatymyzyň özenidir.

    Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli medeni mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de bagşyçylyk sungaty hem-de saz sungatydyr. Häzirki zaman saz sungatyny döwrebap ösdürmäge gönükdirilen işleriň esasynda milli saz medeniýetimiz durýar. Türkmen saz sungatynyň ösüşinde bolsa bagşy-sazandalaryň ägirt uly orny bar. Şeýle sazandalaryň biri hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Muhammetmyrat Pürmämmedow  bilen geçiren söhbetdeşligimizde, meni gyzyklandyran soraglaryma  gyzykly jogaplar berdi.
     - Sizde dutar saz guralyna bolan höwes haçan we nähili ýüze çykdy?!
    - “Ozal akan ýerinden akarmyş aryk” diýlişi ýaly men sazandalar maşgalasynda dünýä indim. Her bir sazandalar maşgalasynda ýetişen adama könekileriň hem aýtmyşyna görä nesilden-nesle hem geçip bilýär eken. Meniň dutar saz guralyna bolan höwesim kiçilikden başlady. Çaga wagtyň nämäni görseň hem şoňa höwes edýärsiň. Meniň hem maşgalamda dutar saz guralynda şirin owazlary ussatlarça ýerine ýetirýänler kändi. Menem ýaş oglan wagtym şolaryň çalýan sazlaryny diňläp höwes edýärdim. 
    -  Sizi halypalyk ýoluna ugrukmaga, tälim beren halypaňyz kim?!
    - Men kiçilikden obamyzdaky çagalar sungat mekdebine plektrli dutar saz guraly boýunça okuwa girdim we bäş ýyllap bilim aldym. Garry atam Täçmämmet Suhangulyýew meşhurlyk gazanan sazanda bolanlygy üçin bolsa gerek, dutar çalmaga bolan höwesimiziň barlygy sebäpli, okuwymyň daşyndan bir ýyl dutar sapagyna gatnadym. Bir ýylyň dowamynda bäş ýylda çalynmaly sazlaryň ençemesini çalmagy başardym. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girdim. Ol ýerde men ýurdumyzda dutar hünäri boýunça ilkinji professor Ýolaman Nurymowdan hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Seýitgeldiýewden tälim aldym. Meniň dutar saz guralyna ugrukdyran halypalarym şular boldy.

   


 - Öz ýaşlyk ýyllaryňyz barada aýdyp beräýseňiz?!
    - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebini tamamlap Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirenimden soň, öz okan çagalar sungat mekdebimde işläp sungat ýoluna başladym. 2003-nji ýylda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmek miýesser etdi. Türkmenistanyň halk artisti Oraz Annanepesow maňa halypalyk etdi. Oraz halypadan dutaryň inçe syrlarynyň ençemesini öwrendim. Soňra Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde öz halypalarymyzdan öwrenen sazlarymyzyň inçe syrlaryny talyp ýaşlara öwretdim. 2016-njy ýylda öz okap bilim alan ojagym bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda alty ýyl mugallym bolup işledim. 2023-nji ýylda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölümine dutar mugallymy bolup işe geldim. Häzirki wagtda hem belläp geçişimiz ýaly halypalarymyzdan öwrenen inçe tilsimlerimizi öz talyp ýaşlarymyza öwredip şägirt ýetişdirýäris.
      - Garry ataňyz, ussat sazanda Täçmämmet Suhangulyýew barada gürrüň berseňiz?!
      - Täçmämmet Suhangulyýew meniň göniden-göni dördünji arkam. Men T.Suhangulyýewiň çowlugy bolýaryn. Ol 1864-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda doglup, özüniň ýaşlyk döwründen dutara bolan höwesi artyp kiçiliginden ilki Gulgeldi ussa ady bilen tanalan dutar ussasyndan tälim alýar. Mundan başga-da Amangeldi Gönübekden, Kel bagşydan hem dutaryň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle beýik ussatlardan tälim alanlygy sebäpli T.Suhangulyýewiň özi ýurdumyzda belli sazanda bolup ýetişmegine uly täsir edipdir. Meşhurlygy gazanan halypa barada aýtmaga zat örän köp.
     -  Siziň pikriňizçe dutaryň şirin owazy, bu näme?!
      - Şirin owazyň özi bir jady. Bu jadyny, şirin owazy her bir halypanyň dutardan owaz alyş aýratynlygy bar. Belki maňada ýaňky jadynyň nesilden-nesle geçip gelen bolmagam mümkin, belki-de tälim alan mugallymlarymyň ussatlygynyň täsiri bolmagam mümkin.
   Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň dutar saz guralynda okap-bilim alýan talyplaryna, bagşy-sazandalaryna, dutaryň we çalynýan mukamlaryň, şirin owazlaryň, ençeme sazlaryň inçe tilsimlerini öwredýän halypamyz Muhammetmyrat mugallyma alyp barýan hormatly, asylly kärinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
                                          Söhbetdeş bolan: Sahy Jepbarow adyndaky
 Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
                bölüminiň 2-nji ýyl talyby Aýgül Nurlyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm