Kitaphana
Täze, 2025 – nji ýylyň – Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024 – nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi.
Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem – de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle – de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim – paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024 – nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem – de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim – paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we swilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň we hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary – da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir. Täze kitabynda Hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň....Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere eýe bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir”.
Kitaphana müdiri
Orazmuhammedowa Hurma