Elektron kitaphana ulgamy öz maglumat çeşmelerini islendik ulgama birikdirip bilýär. Elektron kitaphanalar maglumatlaryň giňligini, islendik wagtda we islendik ýerde elýeterliligini üpjün edýär. Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklary ol ýa-da beýleki habarlara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Resminamalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, köp sanly maglumatlarda köpugurly gözlegi amala aşyryp, gysga wagtda iň degerlisini saýlamaga şert döredýär. Elektron kitaphanalary maglumaty, habary kagyza çap etmäge, göçürmesini almaga ýa-da belli bukjada ýerleşdirmäge mümkinçilikleri döredýär.
Elektron kitaphanalarda netijeli ugrukdyryjylaryň işjeň peýdalanylmagy ulanyja maglumat giňişliginde gysga wagtyň içinde özüne geregini we ygtybarlysyny saýlamaga giň şert döredýär. Şonuň ýaly-da, maglumat giňişligindäki çeşmeleri seljermegi ýa-da elektron poçtanyň üsti bilen maglumaty başga birine ugratmagy örän gysga wagtyň içinde amala aşyryp bolýar. Elektron kitaphanalar ulgamynyň ýene-de esasy aýratynlyklarynyň biri ondaky maglumat çeşmelerinden öýjükli telefonlaryň üsti bilen hem peýdalanyp bolýanlygydyr. Islendik ýerde kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň üsti bilen edebi kitaplary okap, ylmy işler bilen tanşyp bolmagy tehnologiýanyň ösýän döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almaklarynda uly ähmiýete eýedir.
Elektron kitaphanalaryň gory adaty kitaphanalaryň işiniň awtomatlaşdyrylmagy, ozal neşir edilen kitaplaryň elektron görnüşleriniň döredilmegi bilen baýlaşýar. Sözüň doly manysynda, elektron kitaphanalaryň ösmegi, edebiýat gorunyň köpelmegi, ilkinji nobatda, kitaphana işiniň elektron görnüşe geçmegini guramak hem-de ulanyjylar köpçüligine barha giň ýaýramak bilen şertlendirilýär.
Ýurdumyzda elektron kitaphana ulgamyny peýdalanmagy giňeltmek hem-de ösdürmek, onda dünýä tejribesiniň gazananlaryndan peýdalanmak we sanly bilim ulgamyndaky döwrebap tehnologiýalardan doly baş alyp çykmak bu işiň has-da ilerlemegine badalga berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň innowasiýalar arkaly ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär.