Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde baýtyýar durmuşyň aýdym-sazy ýaňlandy
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde bagtyýar durmuşyň aýdym-sazlary ýaňlandy. Arkadag şäherinde ýaş nesliň ruhy kämilliginiň aýdyň beýany bolan konsert geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýeti ösdürmek, ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu tagallalaryň aýdyň netijesi hökmünde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy, “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli geçirilen konsertde mekdebiň zehinli talyplary tarapyndan halkymyzyň kalbyna siňen milli aýdym-sazlarymyz, nusgawy we häzirki zaman kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň ählisi uly ruhubelentlikde ýaňlandy hem-de tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsertiň maksatnamasy ýaşlaryň döredijilik gözýetimini giňeltmek, watançylyk duýgularyny terbiýelemek bilen bir hatarda, halkymyzyň baý medeni mirasyna sarpa goýmak ýörelgesine eýerdi.
Bu çäreler türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer syýasatynyň medeniýet ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Medeni çäreler diňe bir döredijiligiň baýramy bolman, eýsem ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginde, olarda watana, halka bolan buýsanjyň, hormatyň artmagynda hem möhüm orny eýeleýär. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirilen bu konsert hem Arkadag şäheriniň medeni durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Onda ýaş ýerine ýetirijileriň ýürekden ýerine ýetiren çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk geldi. Beýik maksatlara gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijesinde dabaralanýan medeniýet hepdeligi ýurdumyzy medeni taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmagyň ýolunda nobatdaky uly gadamdyr.
Gülälek Akmyradowa
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri