Klas konserti
Ýaňy ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde, Medeniýet hepdeligi mynasybetli “Fortepiano” bölüminiñ mugallymy T.L.Türjanowa klas konserdini geçirdi. Konserdiñ dowamynda dünýä belli kompozitorlaryñ eserleri ýañlandy.
Olardan F.Şopen, E.Grig, S.Rahmaniow, S.Joplin, ýaly eserler bilen bir hatarda A,Babajanýanyñ "Nokýurn" aýdymy hem-de Cario mio Ben G.Giordani aýdymy diňleýjiler gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Şeýle hem “Fortepiano” bölüminiñ talyplary S.Kaşamowa, G.Nepesow, E.Jumaýew, N.Döwletmyradowa dagy iki sany roýalyñ başynda A.I.Haçaturýanyñ "Gylyçlar tansyny" duet bolup bilelikde ýerine ýetirdiler. Klas konserti gatnaşanlarda uly täsir galdyryp, ýerine ýetiren talyplar üçin bolsa tejribe sapagy boldy.
“Fortepiano” bölüminiñ
1-nji ýyl talyby Selbi KAŞAMOWA