"Arkadag şäheri- ýaşlaryň şäheri" atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
Iýun aýynyň 24-ne Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Arkadag şäheriniň açylanyna 2 ýylyň dolmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde yglan eden “Arkadag şäheri –ýaşlaryň şäheri “atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çekeleşikli bäsleşikde 14 ýaşdan, 34 ýaşa çenli aralykda suratkeşler öz döredijilik işlerini bäsleşigiň şerti esasynda ýerine ýetirdiler. Bäsleşik ýaş suratkeş okuwçylaryň hem-de talyp suratkeşleriň arasynda öran gyzgalaňly we täsirli geçdi. Çeperçilik sungatyň dürli tehnikalarynda çekilen işleri synlap, bäsleşigiň eminler topary tarapyndan berlen umumy bahalary jemlenip bäsleşigiň ýeňijileri saýlanyldy. Ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherimizi wasp eýän taslama işini ýerine ýetiren Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň "Nakgaşçylyk" bölüminiň 1-nji ýyl talyby Annanurowa Gülnabat 2-nji oruna, "Dizaýn" bölüminiň 2-nji ýyl talyby Saparowa Ogulşat baş baýraga eýe boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara hormat hatlary we gymmatbaha sowgatlary gowşuryldy.
Dizaýn bölüminiň mugallymy
Hojanýazowa B.