Kitaphana işi kämilleşdirilýär

“Halkara Parahatçylyk we yanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklap bermegi, kitaphana ulgamynda halal zähmet çekýän işgärleri has-da hyjuwly, täzeçil işlemäge iterdi. Ýurdumyzda bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler giň gerime eýe bolýar.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri Hurma Orazmuhammedowanyň ýolbaşçylygynda "Nakgaş","Dizaýn", "Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymlary hem-de talyplary okuw jaýynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň many-mazmunyny, şeýle hem, döwlet ýaşlar syýasatyny wagyz etmek maksady bilen gurnalan sergi we söhbetdeşlik çäresi örän täsirli, ýatda galyjy boldy. “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde mawy ekran arkaly ildeşlerimize ýetirildi.
G.H.AKMYRADOWA
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm