Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň mukaddes saz guraly — GYJAK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, taryhy mirasymyza we halk döredijiligimize döwlet derejesinde giňden üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilýän strategik maksatnamalar, medeni özgertmeler ýurdumyzyň ruhy ösüşiniň täze beýikligine çykmagyna mümkinçilik döredýär. Şol ösüşleriň biri hem milli saz sungatymyzyň kämilleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Bu ugurda halkymyzyň mähir-yhlasyndan dörän, baý taryhy kökleri bolan saz gurallarynyň ösdürilmegi ähmiýete eýedir. Şolaryň arasynda bolsa GYJAK saz guraly aýratyn orna eýe bolýar. 
Türkmen halkynyň geçmişinden gözbaş alýan gyjak-diňe bir saz gural bolman, eýsem ruhy mirasymyzyň janly nusgasydyr. Ol halkymyzyň duýgularyny, kalbyny, şatlygyny hem-de gaýgy-aladasyny nesilden-nesle ýetirip gelen ynamdar ýoldaşydyr. Gadymdan bäri halkymyzyň arasynda giňden ýaýran gyjak, mukam bilen birlikde edebiýaty, şygryýeti we halk dessanlaryny saz bilen birleşdirýän beýik mümkinçilik bolup hyzmat edipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň syýasatynda her bir milli gymmatlyga döwlet derejesinde seredilýär. Türkmen halk saz gurallarynyň saklanylmagy, öwrenilmegi we ýaş nesillere geçirilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle işler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredilen medeniýet öýlerinde, sungat mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda alnyp barylýar. Gyjak bilen meşgullanýan ýaş zehinli oglan-gyzlarymyzyň ýurdumyzyň we halkara derejesindäki sahnalarda üstünlik gazanmagy bu saz guralynyň häzirki döwrüň hem ruhy gymmatlygydygyny subut edýär. Gyjak saz guralynyň aýratynlygy onuň gurluşynda we ses aýratynlygyndadyr. Gapak, kädi, sap, gulaklary, kirişler we kemençe bilen enjamlaşdyrylýan bu saz guraly, özboluşly joşgunly we gyryk sesleri bilen kalbyň inçe tarlaryna täsir edýär. Onuň ýerine ýetirijilik aýratynlygy halkymyzyň liriki ruhuny, saz bilen aýdyňlanýan döredijilik häsiýetini doly şöhlelendirýär.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Medeniýet – halkyň kalbydyr». Hut şol kalbyň aýrylmaz bölegi bolan gyjak saz guraly häzirki wagtda hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Döwletimiziň goldaw bermegi bilen gyjakçylyk mekdebi döwrebaplaşýar, ýaş nesiller saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler. Milli saz gurallarymyz üçin ýörite konsert zallarynyň döredilmegi, täze döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi döwlet syýasatynyň medeniýete gönükdirilýän aýratyn ugry bolup durýar. Gyjak bilen ýerine ýetirilýän eserler häzirki zaman halk döredijiliginde hem giňden peýdalanylýar. Ol diňe bir nusgawy halk aýdymlarynda däl, eýsem häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde, simfoniki orkestrleriň düzüminde hem peýdalanylýar. Bu bolsa gyjak saz guralynyň döwrebaplyk bilen sazlaşýandygyny, ruhy miras bilen häzirki döwrüň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýändigini görkezýär. Şeýlelikde, gyjak — häzirki zaman döwletlilik syýasatymyzyň medeni ugrynyň aýdyň mysaly bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ruh, täze mazmun bilen janlanýar. Ol halk bilen döwletiň arasyndaky ruhy baglanyşygy, taryh bilen geljegiň sazlaşygyny döredýär.
Goý, halkymyzyň ýürek sesini dünýä ýaýýan gyjak saz guralynyň sesi hemişe belent ýaňlansyn!
 G.H.Akmyradowa       “ÜKÇSG” bölüminiň müdiri 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm