Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Bu möhüm medeni çäreleriň çäginde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyp we mugallymlary hem gatnaşdylar.

Olar özleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezýän çykyşlary bilen tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny döretdiler. Çykyşlarda milli öwüşgine baý sazlar, halk döredijiliginden alnan sazlaşyklar we döwrebap äheňler sazlaşykly utgaşdy. Diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalary bu çykyşlaryň uly täsir galdyrandygyny görkezdi.

Bu çykyşlar sungat mekdebiniň ýaş zehinleriň başarnyklaryny ösdürmekdäki ornuny hem-de medeniýetimiziň geljegi üçin taýýarlanýan döredijilikli nesliň mümkinçiliklerini aýdyňlaşdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm