Medeniýet — halkyň ruhy dünýäsi, döwlet ösüşiniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet we sungat işgärleriniň güni giňden bellenilýär
Her ýylyň 27-nji iýun güni ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, halkymyzyň kalbyny, dünýägaraýşyny, ruhy mirasyny wasp edýän döredijilik işgärlerine goýulýan belent hormatyň, döwlet derejesindäki sylag-sarpanyň nyşanydyr. Bu senäniň ýurdumyzyň ruhy ösüşindäki orny aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki medeniýet — halkyň ruhy baýlygydyr, onuň geçmişiniň hem-de geljeginiň dowamydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Döwrebap medeni merkezleriň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatr we konsert zallarynyň gurulmagy, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy — ýurdumyzyň medeni durmuşynyň täze depgin bilen ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimiziň syýasatynda milli medeni mirasyň giňden wagyz edilmegine, ýaş nesliň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik bilen meşgullanmagy, halkyň arasynda medeniýetli dynç alyşyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler — döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler, aýdym-sazly çykyşlar, teatr sahnalary halkymyzyň bu günki bagtyýar durmuşyny wasp edýär, döwletimiziň ösüş ýoluna bolan buýsanjyny ýüze çykarýar.
Halkymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň hem şu sene bilen baglanyşykly bellenilmegi ýurdumyzyň ruhy durmuşyndaky çuň manyly ýörelgedir. Bu bolsa häzirki döwrüň döredijilik işgärlerine geçmiş bilen şu günü, beýik nusgalar bilen häzirki ýaş zehinleri birleşdirýän ruhy köpri döredýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler jemgyýetiň ähli gatlaklaryny gurşap alşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem täze eýýamyň keşbini döredýär. Medeniýet — diňe bir sungat däl, ol halkyň ruhy güýjüniň, bitewüligini saklaýan ruhy sütüni, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine hem itergi berýän güýjüň bir bölegidir.
Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda ähli döredijilik işgärlerine ýokary hormat bildirilýär, olaryň zähmetleri döwlet derejesinde ykrar edilýär. Bu bolsa döredijilik bilen meşgullanýan her bir adamyň kalbynda täze ruhy joşgun, täze maksatlar döredýär.
Goý, döredijiligiň nury, sungatyň täsiri halkymyzyň kalbyny hemişe nurana ýagtylandyrsyn! Goý, her bir medeniýet we sungat işgäriniň halal zähmeti, çeken yhlasy Berkarar Watanymyzyň beýik geljegine hyzmat etsin!
Baýramyňyz gutly bolsun, medeniýet we sungat işgärleri!
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy 
Gurbanaly Gapurow

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm