“Medeniýet — ynsan köňlüniň nury» atly muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi we döredijilik duşuşygy

Düýn Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Medeniýet — ynsan köňlüniň nury» atly muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi we döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň medeniýet sungat işgärleri bilen bir hatarda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Kadyrmyrat Gurbanow şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan şekilli haly eserleri, şaý-sepler, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.
Medeniýet - halkyň ruhy baýlygyny, milli mirasyny, däp-dessurlaryny, edebiýatyny, sungatyny, dilini we adamzat jemgyýetiniň taryhy ösüşinde döredilen ähli gymmatlyklary öz içine alýar. Her milletiň aýratynlygyny görkezýän, onuň ösüş derejesini, ruhy dünýäsini beýgeldýän esasy görkeziji hem medeniýetdir. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda medeniýet aýratyn orun eýeleýär. Her ýyl ýurdumyzda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni giňden we dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylyk medeniýet işgärleriniň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek, milli medeni mirasy wagyz etmek we ýaş nesli watan söýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýär. Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, sergiler, teatr oýunlary we konsertler geçirilýär. Şeýle-de medeniýet işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşikler we döredijilik forumlary guralýar.

“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat GURBANOW

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm