Açyk howada surat çekmek
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Medeniýet we sungat işgärleriň şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni” mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaş we Dizaýn” bölüminiň talyplary açyk howa çykyp, akylly-şäher Arkadag şäheriniň gözelligini, ajaýyp ýerlerini wasp edip, özleriniň döredijilikli işlerinde görkezmegi başardylar. Döredijilikli ukyp-başarnyklaryny reňkler bilen açyp görkezýän her bir işlerinde suratkeş talyplaryň Watana, ene-topraga, bolan çäksiz söýgüsini we sylag hormatyny görmek bolýar. Talyplar tebigatyň janly we sazlaşykly reňklerini ak kagyzyň ýüzüne geçirip, sungat eseriniň özboluşly häsiýetini açyp görkezýärler.
“Dizaýn” bölüminiň mugallymy: Hojanýazowa B.