Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” atly syýasy gepleşigi geçirildi. Gepleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat etmek” bölümçesiniň müdiri Dursun Jumageldiýewanyň alyp barmagynda “Arkadag” teleýaýlymyna ýazgy edildi. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Hallygözel Gurbangeldiýewa öz çykyşynda muzeýde baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyklar barada gürrüň berdi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gülälek Akmyradowa öz gezeginde talyplaryň okuw işiniň alnyp barylyşy, ýetip gelýän “Medeniýet we sungat işgärleriniň güni” hem-de “Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli geçirilýän bäsleşiklerdir konsert çäreleri, ýazgylar barada aýtdy. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hünärmeni Ýazbibi Osmanowa teatr sahnasynda görkezilýän spektakllar barada, ýetip gelýän baýramçylyklar mynasybetli taýýarlanylýan çykyşlar hakynda aýtdy. Gatnaşyjylaryň ählisi baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy şeýle hem, Arkadag şäheriniň döredilmeginiň II ýyllygy, “Medeniýet we sungat işgärleriniň güni” we “Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” baýramlary bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy gutladylar.

“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri G.H.Akmyradowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm