Sungaty öwrenmekde VR tehnologiýasynyň täsirli ulanylyşy.

  Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde täze innowasion öwreniş sapagy geçirildi. Mekdebiň mugallymlary talyplara Virtual Hakykat (VR) platformalary arkaly sungaty öwrenmek mümkinçiligini hödürlediler.  
  Bu sapaklaryň dowamynda talyplar surat çekmek we saz bilen işlemek ýaly sungat ugurlaryny interaktiw 3D giňişlikde synap gördüler. Tehnologiýanyň kömegi bilen olar döredijilik ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda, sungaty has çuňňur öwrenmegiň täze usullaryny hem özleşdirýärler.  
  Mekdebiň hünärmenleri VR platformalarynyň talyplar üçin ýeňil we täsirli öwreniş gurallary bolup hyzmat edýändigini belleýärler. Sungata ilkinji ädimleri ädýänler üçin hem bu usul amatly bolup, häzirki zaman tehnologiýalarynyň üsti bilen çeper döredijilik älemine aralaşmaga mümkinçilik berýär.
  Virtual Hakykat (VR) platformalary diňe sungaty öwrenmek bilen çäklenmän, talyplara innowasion tehnologiýalary we daşary ýurt dillerini öwrenmekde hem uly mümkinçilik döredýär, olara bilimlerini giňeltmek we özbaşdak işlemäge zerur bolan tejribäni almaga ýardam berýär.
  Sungat bilen tehnologiýanyň utgaşdyrylmagy Arkadag şäheriniň bilim ulgamynda täze mümkinçilikleri açyp, ýaş zehinleriň kämilleşmegine giň ýol açýar.  

“Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň” mugallymy
Annabegi EMIRGULYÝEWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm