OKUW-USULY GEŇEŞ

 Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik Başlangyçlary esasynda döredilen Okuw-usuly geňeşi, bellenilen meýilnama esasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara bilen geçirildi.
Ilki bilen Okuw-usuly geňeşe gatnaşmaga gelen myhmanlary toý pişmesi bilen garşylanyp, ýadygärlik sowgatlar gowşurmak bilen geňeşiň dabaraly geçmegi üçin aýdym-sazlar we talyplaryň üme çykyşlary şeýle hem talyplaryň çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy. 
        Maslahatyň ahyrynda bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň taýýarlan konserti gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

                             ÇYKYŞLARYŇ MEÝILNAMASY

1. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktory Röwşen Nurmyradowyň giriş sözi we ýörite sungat mekdebi bilen tanyşlyk.
2. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň «Horeografiýa» bölüminiň müdiri Gülendam Hapyzowanyň çykyşy:
Tema: Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamasynyň mazmuny we degişli işleri ýola goýmak babatynda alnyp barylmaly işler. 
3. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy Annabegi Emirgulyýewanyň çykyşy:
Tema: Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň Düzgünnamasyny ara alyp maslahatlaşmak. 
4. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda - kooperatiw mekdebiniň usuly birleşmesiniň başlygy, ykdysady ylymlaryň kanditaty Bibitäç Wekilowanyň çykyşy:
Tema: Psihologiýanyň, pedagogikanyň we okatmagyň usulýetiniň soňky gazananlarynyň esasynda bilim we terbiýe bermegiň usulýetini kämilleşdirmek babatda tejribe alyşmak.
5. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Idris Hajyýewiň çykyşy:
Tema: Gözegçilik merkeziniň işini ýola goýmak we talabalaýyk guramak üçin usuly gollanmany içgin öwrenmek we tejribe alyşmak.
6. Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Batyr Geldiýewiň çykyşy:
Tema: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat.
7. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ylýas Gurbanowyň çykyşy:
Tema: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ýerine ýetiren işleri barada hasabat.

“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy 
Kadyrmyrat GURBANOW 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm