“Bagtyýar ýaşlar, Tehnologiýalaryň ösüş ýolunda”

Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginde “Bagtyýar ýaşlar, Tehnologiýalaryň ösüş ýolunda” atly sergi, çeper okaýyş çäresi geçirildi. Oňa mekdebiň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Kitaphananyň okalga zalynda talyplar gyzyklanýan ugurlary boýunça kitaplary okadylar, kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen otagda bolsa, internet arkaly ýurdumyzda hereket edýän teatrlaryň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň elektron saýtlaryndaky habarlardyr täzelikler bilen tanyş boldular. Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp öz ugurlaryna hem-de beýleki ugurlara degişli kitaplaryň elektron görnüşlerinden peýdalandylar. Çäräniň dowamynda “ÜKÇSG” bölüminiň müdiri G.Akmyradowa, II ýyl talyby A.Nurlyýewa “Arkadag” teleýaýlymyna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sanly ulgam bilen baglanyşykly alyp barýan işleri, talyplaryň okuw prosesinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp sapaklaryň ýöredilişi barada interwýu berdiler. Olar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri G.Akmyradowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm