Arkadag şäherinde Gurban baýramy bellenilip geçildi
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp Arkadag şäherinde hem üç günläp ýokary guramaçylykda Gurban baýramy bellenildi. Baýramçylyk dabarasy türkmen toýlaryna mahsus bezeg serişdelerine beslendi. Medeniýet sungat ussatlary bilen bir hatarda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdymçy, sazanda, tansçy talyplary hem gatnaşyp dabaranyň şowhunnyň artmagyna özleriniň goşandyny goşdylar.