Bitaraplyk simfoniýasy

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni toýdur - baýramlara beslenýär. Türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda alnyp barylýan asylly işler sanardan köp. Aýdym-saz adamyň ruhuny galkyndyrýar, onuň saglygyna oňaýly täsir edýär. Adama ruhy şatlyk paýlaýar. Ýurdumyzda özüniň döredýän eserleri bilen diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanan onlarça kompozitorlarymyz bar. Diňe bir biziň ýurdumyzda däl eýsem daşary ýurtlarda hem türkmen kompozitorlaryň ussatlyk bilen döreden eserleri diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanýarlar. Esasan hem N.Halmämmedow, D.Öwezow, Ç.Nurymow, W.Ahmedow, A.Kulyýew ýaly ussat kompozitorlar baky öçmejek yz galdyrdylar. Häzirki döwürde hem aramyzda ýaşap ýören kompozitorlarymyz özleriniň ussatlygy, döredijilige ukyplylygy, eserleriniň aýratynlygy bilen diňleýjileriň gyzgyn mähirli söýgüsini gazanýarlar. Ine şeýle kompozitorlaryň biri hem Röwşen Nepesow Öwezdurdyýewiç. Kompozitor R.Nepesow türkmen aýdym-saz sungatyna uly şöhrat-şan getiren we häzirki döwrümizde hem getirmegini dowam edýän kompozitorlaryň biridir. 
Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgäri, ussat kompozitor Röwşen Nepesow talyp ýaşlaryň arasynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Özüniň döreden ajaýyp eserlerinden ýerine ýetirip berdi. Ýörite sungat mekdebiň talyp ýaşlary hem kompozitoryň geçiren ussatlyk sapagyna uly höwes bilen gatnaşdylar. Ussatlyk sapagy örän täsirli bolup, talyp ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrdylar. 
Kompozitor Röwşen Nepesowyň galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny, döredýän ajaýyp eserleriniň we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrýan ussatlyk sapaklarynyň höwrüniň köp bolmagyny, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, ony dünýä ýüzüne ýaýmakda alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!           
                                                      
                                                                      “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
                                                                bölüminiň 2-nji ýyl talyby Aýgül NURLYÝEWA 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm