Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Aýdym-saz sungatyny ösdürmek, ony ýokary derejelere ýetirmek ugrundaky alnyp barylýan işler asylly däbe öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda maý aýynyň 31-ne “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu konserte Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň professional eserleri ýaňlandy. “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany”, “Gel Türkmenistana”, “Ýurdum meniň Bitarap”, “Belowers tokaýlygy”, “Gülleriň walsy”, “Hiňňillikde”, “Ajaýyp duýgy”, “Karip deňziniň garakçylary” atly filimden eserler aýratyn orna mynasyp bolup, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Bu konserte Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Aýgül Nurlyýewa, Begenç Geldimuhammedow, Seýran Gadyrgeldiýew, Mähek Annalyýewa, Oguljahan Toşşyýewa dagylar hem öz mynasyp goşantlaryny goşdular. 
 “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
bölüminiň 2-nji ýyl talyby 
Aýgül NURLYÝEWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm