Temmäkä garşy bütin dünýä göreş güni mynasybetli geçirilen wagyz-nesihat çäresi

        Şu gün Temmäkä garşy bütin dünýä göreş güni mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Hor dirižýorlygy we saz mugallymy” bölüminiň talyplary üçin şol bölümiň mugallymlary Allamyrat Bäşimow, Bagtyýar Täçdurdyýew dagynyň çykyş etmeginde, temmäkä garşy wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çykyş eden mugallymlar temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän täsiri dogrysynda gyzykly maglumatlary talyplara ýetirdiler. 
Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) agza döwletleri 1987-nji ýylda temmäkä garşy bütindünýä göreş günini döretdiler. Çilimiň tüssesiniň zäheri, ilkinji nobatda adamyň saglygyna uly zeper ýetirip onuň dem alyş ýollaryna zyýan ýetirýär, şeýle-hem dişleriň syrçasyna zyýan ýetirip ,onuň gara hapa bilen örtülmegine getirýär, soň göze görünmeýän jaýryjyklary emele gelmegine getirýär. Ine şol göze görünmeýän jaýryjyklar hem kesel dörediji mikroblaryň adam bedenine düşmegine sebäp bolýar.
Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreş çäreler yzygiderli geçirilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýny has-da gowlandurmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak,adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany temmäkiden azat etmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň watanmyzda ýaş nesliň arassa, sagdyn bedenli ruhy belent kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys, goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
                                                 Hor dirižýorlygy we saz mugallymy bölüminiň mugallymy Bagtyýar TÄÇDURDYÝEW 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm