“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwal
Düýn “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-sazly festiwalyň mukamlar köşgünde açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdy. Olar öz çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdylar. Festiwal döredijiligiň, ýaşlygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Kirşli saz gurallary bölümleriniň talyplary hem gatnaşdylar.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA