El hünäri il gezer
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli medeniýetini özgertmekde, gülletmekde çäksiz aladalar edilýär. Ene – mamalarymyzdan miras galan türkmen el işleriniň milli gymmatyny ýaş nesillerimize öwretmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli medeni köpçülik çäreleri geçirilýär. Ynha ýaňy ýakynda hem 2025 – nji ýylyň 22 – nji maýynda Arkadag şäheriniň gözel künjeklerinde ýerleşýän Arkadag şäher häkimliginiň “Bagt köşgünde” “Türkmen halysynyň” baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesiniň Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde aýdym – sazly söhbetdeşlik geçirildi. Bu ajaýyp dabara Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyp gyzlary özleriniň edebi sazly çykyşlary hem – de folklor çykyşlary bilen gatnaşdylar. Ýerine ýetirilen çykyşlarda däp bolşy ýaly gyz – gelinler ümä ýygnanyp, aýdyma hiňlenip el iş etdiler. Ümä ýygnanyşan gyzlar gadymdan gelýän monjugatdy oýnuny oýnap bir – birlerine bije atdylar. Ajaýyp läleleriň üsti bilen bu erkana ýurdyň waspyny ýetirdiler. Bu täsirli çykyşlarda türkmeniň keşdeçilik sungatyna, halyçylyk sungatyna galyberse – de medeni mirasymyza goýulýan çäksiz sarpa aýdyň görkezilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkem ýaşlaryna halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwretmek maksady bilen Arkadag şäheriniň orta bilim berýän edaralarynyň okuw maksatnamasyna halyçylyk sungaty aýratyn ders hökmünde girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda milli mirasymyza goýulýan çäksiz sarpa ýene – de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.
“Horeografiýa sungaty” bölüminiň II ýyl talyby
Orazgül REJEBOWA