“Sagdyn beden – sagdyn ruh” atly wagyz –nesihat duşuşygy
Türkmenistanda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda temmäkä garşy göreşmek boýunça “Sagdyn beden – sagdyn ruh” atly wagyz –nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri Ahmet Gyşykow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň esasy hünärmeni Arslan Rejepmyradow, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň wekili Allaguly Amangeldiýew, Arkadag şäheriniň Saglyk öýüniň bejeriş bedenterbiýe lukmany Oguljennet Atakarryýewa dagy gatnaşdylar.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat GURBANOW