Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara
Düýn Arkadag şäheriniň baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Şol geçirilen dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hor topary hem çykyş etdi.
Berkarar döwletimiziň binýadyny, halkymyzyň demokratik ýoluny alamatlandyrýan bu ählihalk baýramy halkymyzyň jebisligini has-da pugtalandyrýar.