“Konstitusiýa – baky bagtym, ýaşyl baýdak – täji tagtym”
Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Esasy Kanunymyz we döwlet nyşanlarymyz döwletlilik ýörelgelerimiziň ebediligini ykrar edýän milli buýsanjymyzdyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda mugallymlar we talyp-ýaşlar çykyş etdiler. Olaryň her birinde ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny hem-de abadançylygyny iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan eden ýurdumyzyň jemgyýetçilik we durmuş gurluşyny kesgitleýän – Esasy kanunymyz barada aýdyldy. Ýurdumyzda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek işi hemişe üns merkezinde durýandygy, kanun çykaryjylyk işiniň yzygiderli kemala gelýändiginiň üstünde durup geçdiler.
Mekdebiň II ýyl talyby Şirinjemal Gurbanowa “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Halkymyz Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçýär. Dünýädäki iň beýik baýdak sütünleriniň biri, uzynlygy 133 metr bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanynda, hem-de welaýat merkezlerindäki, Arkadag şäherindäki belent sütünli Baýdak meýdançalarynda baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Şol dabaralarda Döwlet senamyz ýerine ýetirilip, “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” diýen sözler uludan-kiçä hemmeleriň diliniň senasyna öwrülýär.” diýip uly buýsanç bilen çykyş etdi. II ýyl talyp Täçmyradow Eziz hem öz gezeginde “Ýurdumyzyň ynsanperwerlik syýasatyny alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda belentde parlaýar. Milli nyşanlarymyz ugur görkeziji ýyldyzlar deýin ýolumyzy ýagtylandyrýar we anyk ugurlary, beýik maksatlara tarap hereketimiziň ýollaryny kesgitleýär.” diýip nygtady. Maslahatyň soňunda türkmen halkyny asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, ajaýyp durmuşyň hözirini görüp erkana ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.
Garaşsyz döwletimiziň Esasy Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, türkmen halkynyň nurana geljeginiň aýdyň nusgasyny alamatlandyrýan – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy gutly bolsun!
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri Gülälek AKMYRADOWA