Hasabat konserti
Düýn türkmen bagşyçylyk sungatynyň sütüni, ägirt halypa Sahy Jepbarowyň adyny buýsanç bilen göterýän Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde 2024-2025-nji okuw ýylynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertiň mazmuny türkmen milli äheňindäki tanslar, halk aýdym-sazlary we professional eserlerden ybarat boldy. Mekdebiň giň, ýagty eýwanynda nakgaşçylyk we dizaýn bölümleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň dürli görnüşdäki işleri dabara gatnaşyjylaryň ählisinde uly täsir galdyrdy. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar we tans çykyşlary diňleýjilere ruhy şatlyk paýlady. Konsertde mekdebiň direktory Röwşen Nurmyradowyň döreden sazyna «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly joşgunly aýdymy ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bolsa çekilen zähmetiň ýerine düşendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bize baky bagtyýarlygy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun. Il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri Gülälek AKMYRADOWA