“Zergärçilik sungatym-miras daragtym” atly bäsleşiň ýeňijileri

Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň paýtagtynda ýerleşýän, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda”,  “Zergärçilik sungatym-miras daragtym” atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige ýurdymyzyň dürli künjeklerinden zergärler hem-de milli mirasymyzyň şahyrana waspyny belentden ýetirýän ýaş zehinler gatnaşdylar. Ýagny bize Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryna hem bu bäsleşikde, adalatly emin agzalaryň baha bermeginde II-nji orny eýelemek bagty miýesser etdi. 
Bu bäsleşige gatnaşan höwesjeň ýaşlar milli mirasymyz bolan zergärçilik sungatymyzy goşgydyr, gazallar, dessanlar bilen wasp etdiler. Halkymyzyň arasynda “Senet näçe gadymy bolsa, şonçada hakykydyr, näçe hakyky bolsa, şonçada müdimidir” diýen pähimli sözleri bardyr. Biziň hem zergärçilik sungatymyz öz gözbaşyny bäş müň ýyllyk taryhyndan alyp gaýtýar. Biz ýaş nesillere şular ýaly ajaýyp binalarda okamaga, milli mirasymyzy ösdürmekde, geljeki nesillere ýadygärlik goýmakda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun,  alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

“Nakgaşçylyk” bölümiň 1-nji ýyl talyby 
Gülnabat ANNANUROWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm