Gözelligiň waspy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen beýik ösüşleriň aýdyň ýolunda ynamly öňe barýar. Şeýle ösüşleriň mysaly hökmünde Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerinde birnäçe dabaraly çäreler alnyp barylýar. Şol aýdym-sazly, şowhunly çäreleriň biri-de, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Dizaýn” bölüminiň mugallymy Ö.Berkeliýewiň gurnamagynda, şu ýylymyzyň şygaryna bagyşlanyp geçirilen “Gözelligiň waspy” atly şahsy sergisiniň açylyşy boldy. Ol özüniň döredijilik sergisinde reňkleriň simfoniýasyny emele getirýän birnäçe nakgaşçylyk we grafika eserleri bilen sergä gelenlerde üýtgeşik ýakymly täsir döretmegi başardy. Sungat mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary döredijilikli işleri synlap, şeýle ajaýyp sergi üçin, gutlag sözlerini we sagbolsunlaryny aýtdylar.
Nakgaş we dizaýn bölüminiň mugallymy
Begsenem HOJANÝAZOWA