PARAHATÇYLYK ASUDA DURMUŞYŇ DAÝANJY
Parahatçylyk-adamzadyň bagtyýar, abadan, asuda durmuşynyň daýanjy, hökmany şerti. Uruş bolsa parahatçylygyň gazananlaryny weýran edip, öwezini dolup bolmajak, ýyllar, asyrlar geçse-de unudylmajak uly ýitgilere eltýär. Adamzat taryhynda urşuň utan ýeri ýok. Dünýä döräli bäri, adamzat ençeme uruşlary başdan geçirip, olaryň pidalaryna, agyr netijelerine sezewar boldy. Taryhda “Ikinji jahan urşy” diýlip atlandyrylan, 20 asyryň birinji ýarymynyň ahyrlarynda bolup geçen uruş hem adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan iň ýowuz, iň elhenç jeňleriniň biridi.
Ähli derdiň dermany hasaplanýan wagt adamlary hasratly uruş ýyllaryndan barha uzaklaşdyrýar. Ondan bäri indi 80 ýyl geçipdir. Emma bu ýowuz urşuň ýüreklere salan ýarasy asla bitmeýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň gazanylmagyna türkmen halky hem mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe watandaşymyz beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ýowuz duşmana berk gaýtawul bermekde, azatlygy, baky erkinligi, mukaddes topragy goramakda mertligiň, gahrymançylygyň beýik göreldesini görkezdiler. Watandaşlarymyzyň köp sanlysy şol ýyllarda söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin orden-medallar bilen sylaglandylar.
Her ýylyň maý aýy güllere aýratyn baý bolýar. Baharyň şu ajaýyp gülleri ene topragyň ähli gözelligini eçilýän döwri ýaly bolup, kalbyňa dolýar. Ine, şu ajaýyp, dürli reňkli gülleriň pajarlap açylýan günlerinde halkymyz Ýeňiş gününi baýram edýär.
Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Atalaryň göreldesi-nesilleriň ýörelgesi” atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Baýramdurdy Artykow, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň müdiri Muhammetmyrat Pürmämmedow we mekdebiň mugallymlary Kadyrmyrat Gurbanow, Merjen Hojagulyýewa, Aýgül Akmämmedowa we “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Aýgül Nurlyýewa özleriniň çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk, asudalyk höküm sürsün! Halkymyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşadýan, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berk ygrarly ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA