Ussatlyk sapagy
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy Täzegül Çaryýewa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryna dirižýorlyk hünäri boýunça ussatlyk sapagyny geçmek üçin myhmançylykda boldy.
Ussatlyk sapagy talyplar üçin diýseň täsirli geşti. Täzegül mugallym dirižýorlyk ugruna degişli gyzykly maglumatlary gürriň berip, bu ugryň inçe syrlaryny düşündirdi we talyplaryň gyzyklanýan soraglaryna giňişleýin jogap berdi.