Konsert
Ýaňy ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli we fortepiano saz gurallary” bölümleriniň taýýarlamagynda, türkmen we dünýä belli kompozitorlaryň eserlerinden düzülen ajaýyp konserti geçirildi. Konsertde mekdebimiziň “Fortepiano” bölüminiň talyplary we “Kirişli saz gurallary” bölümüniň mugallymlaryndan düzülen kwartet topary hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy Täzegül Baýramowa çykyş etdiler. Konsertde türkmeniň meşhur kompozitory Weli Muhadowyň hem- de dünýä belli kompozitorlar F.Listiň, F.Şopeniň, D.Şostakowiçiň, S. Rahmaninowyň, I.Bramsyň, L.Weberiň, S.Jopliniň, E.Martynowyň eserleri ýaňlandy. Bu eserleri mekdebimiziň talyp ýaşlary hem-de mugallymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konserte mekdebimiziň agzybir mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de birnäçe myhmanlar tomaşa etdiler.
“ÜKÇSG” bölümüniň 1-2-nji ýyl talyplary
Şirinjemal GURBANOWA we Bagtyýar MÄMMEDOW.