Her mukamlaryň özi bir dünýä
Milli medeniýetim, milli sungatym.
Gadymyýetden gözbaş alan umman sen.
Türkmen halym, bedew atym, dutarym.
Berkarar döwletde şöhrat sen, şan sen!
Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň “Akkordeon” hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Halkara bäsleşikleriň laureaty Hijran Jorakulyýewiň ýekelikdäki konserti geçirildi. Hijran bu konsertde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň professional eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. N.Halmämmedow “Elegiki Prelýudiýa we fuga”, F.Anželis. Sýuita “Brel-Bah”, A.Žurbin “Sonata” No2, A.Repnikow “Kapriççio”, W.Gridin “Sygan rapsodiýasy” wariasiýalar, D.Gruşewskiý “Tokkata”, A.Şnitke “Polka” ýaly uly göwrümli eserler bolsa bizde uly täsir galdyrdy.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA