Hoşallyk maslahaty
Ýaňy ýakynda Arkadag Şäheriniň häkimliginiň tomaşaçylar zalynda Bedew baýramçylygy mynasybetli “Arkadag şäheri Ahalteke atlaryň mekany“ ady bilen aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda ilki bilen Arkadag şäheriniň birleşen bagşy – sazandalar topary türkmen bedewini wasp edýän “Bedewler” atly ajaýyp aýdym ýerine ýetirdiler. Soňra bolsa Arkadag şäheriniň degişli ýolbaşçylary hem-de birnäçe pudaklarda zähmet çekýän ýolbaşçylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda türkmen ahalteke bedewlerine goýýan sarpalary, döredip berýän mümkinçilikleri barada nygtap geçdiler. Ýurdumyzda türkmen ahalteke bedewine uly hormat hem sarpa goýulýar. Ata-babalarymyzdan gaýdyp gelýän “Atda wepada bar, sapada” diýen parasatly ýörelgä häzirki döwürde hem eýerlip gelinýär. Şol hoşallyk maslahatynda hem Sahy Jepbarow adydaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlary öz aýdym-sazlary bilen, mugallymlary we talyp ýaşlary öz mynasyp goşantlaryny goşdular.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Şirinjemal GURBANOWA