Ussatlyk sapagy geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýew sazandasy şol ýokary okuw jaýyň halypa mugallymy Maýa Bekmanowa bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryna wokal sungaty boýunça ussatlyk sapagyny geçmek üçin myhmançylykda boldy.
Ussatlyk sapagy talyplar üçin diýseň täsirli boldy. Meýlis mugallym wokal sungatyna degişli gyzykly maglumatlary gürriň berip, aýdym aýdylanda dogry dem almagyň usullaryny düşündirdi we talyplaryň gyzyklanýan soraglaryna giňişleýin jogap berdi. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm