Ylmy-usuly maslahat

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň hepdeligi mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe çagalar saz terbiýesi” atly ylmy-usulýet maslahatyna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Jemgyýetçilik” bölüminiň mugallymy Nursoltan Saparowa “Ösüp gelýän ýaş nesliň gözellik terbiýesinde sungatynyň täsiri” atly tema bilen çykyş etdi.
          Ösüp gelýän ýaş nesliň gözellik terbiýesinde sungatynyň täsiri.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde köp taraplaýyn giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli nesli kemala getirmek üçin dünýä derejesine laýyk gelýän şertler we mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan oňyn işleri umumy bilim berýän orta okuw mekdeplerinde hem okatmagyň täzeçe usullaryny gözlemegi talap edýär.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň gözellik terbiýesine üns berip, dürli taraplaýyn sazlaşykly şahsyýeti kemala getirmek üçin uly işler alynyp barylýar. Çagalaryň medeniýeti we gözellik terbiýesi, saz terbiýesiniň ösüşi bilen baglydyr. Şahsyýeti terbiýelemek üçin sazyň täsiri ulydyr. Alymlaryň gözelliginiň netijesinde, çaga enesiniň göwresindäki ses tolkunlarynyň täsiri (esasan hoş owazly heňleriň) örän ir ýüze çykýar. Şol ilkinji täsir, şahsyýeti terbiýelemek üçin, ummasyz güýç bolup hyzmat edýär. Çagalar daş töweregine köp üns berýär, köplenç saz- sungaty onuň ruhy dünýäsine täsir edýär. Çagalaryň ýetginjek döwründe iki aýratynlyk özüne ünsi çekýär: aşa göçgünlilik we hereket ynjalyksyzlyk. Soňky bir ýarym asyryň dowamynda çagalaryň beden taýdan gysga möhletde kemala gelmegi güýçlenýär. Netijede, ýaş nesliň psihologik ahlak we sosial kämilliginiň yza galmagyna sebäp bolýar. Ýaş nesliň ýetginjek döwrinde käbir näsazlyklar ýüze çykýar.
Ýetginjekleriň beden we psihologik ösüşiniň arabaglanyşygyny hereketde we duýguda görmek bolýar. Belli bolşy ýaly sazyň täsir ediji güýji, sazyň žanrlaryna, şeýle hem adamyň sosial we psihologik aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Ýetginjeklik döwründe ruhy kämilligiň ýetmezçiligiň we beden taýdan kämilleşmegiň arasynda, sungat özboluşly sazlaşygy girizýär. Hut şonuň üçin sazyň ýetginjek ýaşlara täsiri hasam çuň, yzygiderli, düýpli we netijeli bolýar. Şeýle hem sazyň täsir ediji güýji, adamyň düşünjesini we joşgunly hereketlerini baglanyşdyrýar.
Çagalaryň saz bilimi - çagalaryň sazlaşykly düzgüni, sazy ýerine ýetirmek endigini, aňlaýyş ukybyny, saz eşidişe akyl ýetirişi, döredijilik ukybyny nazarda tutýar. Aýdym aýtmak üçin çagalar psihologik tarapdan taýyn bolmagy möhümdir. Aýdym aýdanda, çagalar oturanda ýa-da dik duranda gerdeni, egni, eli we aýagy erkin halda bolmalydyr. Aýdyma bolan höwesi, söýgini terbiýelemek, aýdym aýdanda duýgulary oýarmak, aýdymyň üsti bilen täzeçe oýlanmak mugallymyň esasy meselesi bolup durýar. Saz terbiýesiniň meselelerini çözmek üçin, mugallym çagalaryň saz ösüşini bilmegi hökman. Sapaga gelýän çagalaryň bilimini, ýaşyny bilip, çagalaryň ruhy taýdan baý, gözel bolmagy, mugallym üçin esasan maksat bolmalydyr. Çagalaryň medeniýetli ösmegini maksat edinip horuň ähli işini manyly, ýokary çeperçilik repertuarynda guramaly. Köpçülikleýin saz terbiýesinde, hor sungaty uly ähmiýete eýe bolýar. Çagalar horlary hem onda uly orun tutýar. Hor toparynyň hemme işi, ýolbaşçy tarapyndan bir ýyl üçin düzülen anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydyr. Meýilnamada okuw terbiýeçilik wezipeleri, jemgyýete peýdaly we medeni köpçilik çäreler bellenilýär. Mugallym çagalar hory üçin, okuw meýilnamany düzende, horuň ýolbaşçysy ilki saz bilimini öwredilmeginiň maksadyny bilmelidir. Çagalar horyna dirižýorlyk edýän mugallymyň dykgat bilen başlamak we gutarmak, gataltmak we ýuwaşatmak, fermata basym ýaly hereketlerine hora gatnaşýan okuwçylar düşünmeli.
Gözellik, bilimdir terbiýe bolsa, adamzady ähli betnyşanlyklardan halas edýän hakyky gözellikleriň döretmeginiň wajyp şerti bolup hyzmat edýär. Gözelligiň dünýäni halas etmegini gazanjak bolsaň öňi bilen şol gözel dünýäni döretmeli adamlaryň özünde aň-ahlak gözelligini, belent intelektual medeniýeti kemala getirmeli.
Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen milli aýdym-saz sungatymyzyň geljekki ösüşlerine özüniň ajaýyp işleri bilen beýik badalga berdi. Milli aýdym-saz sungatynyň täzeçe ösüşlerini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, professional saz-sungatynyň ähli görnüşlerini ösdürmek we ony öwretmekde ýokary derejeli hünärmenleri, kompozitorlary, sazşynaslary, dirižýorlary ýerine ýetirijileri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýän. 
                                                                                    
   “Jemgyýetçilik” bölüminiň mugallymy 
Nursoltan SAPAROWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm