Dillerde dessan bedew

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan ýurdumyzda her bir günimiz toýdyr baýramlara ulaşyp, şatlyk-şowhun has-da artýar. Türkmenlerde “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýlişi ýaly Türkmen bedewiniň at-abraýy dünýä ýüzünde arşa galýar. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň milli baýramy uly joşgun bilen bellenilip geçirilýär. Baýramçylyklar we toý dabaralar bolsa türkmen bedewine, ahalteke atyna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 
Akylly we ekologik taýdan arassa Arkadag şäherinde her bir baýramçylyk mynasybetli täze-täze binalaryň gurlup berilmegi bolsa bizde Watanymyza, halkymyza bolan söýgini, buýsanjy has-da artdyrýar. Gözel Arkadag şäherimizde milli bedew baýramçylygy mynasybetli täze “Taýçanak” binasy gurlup ulanylmaga berildi. Milli bedew  baýramçylygynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Örän täsin we owadan bolan bu binanyň adam eli bilen suratlandyrylan ýürek şekiliniň arasynda taýçanagyň ýerleşdirilmegi bizde uly täsir galdyrdy. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen toý-dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynda düzülen tans topary öz tanslary bilen, orkestr topary öz çykyşlary bilen öz goşantlaryny goşdular. 
Milli bedew baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan atşynasynyň ojagynda toýlanan maşyn toýunda, sungat mekdebiň üçlik sazandalar topary şeýle hem üçlik bagşy-sazandalar türkmen bedewini wasp edýän aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.  
                                                                               “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň 2-nji ýyl talyby Aýgül NURLYÝEWA

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm