“Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny”

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatyny tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlary, saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşigi ýokary derejede geçirildi. Bäsleşikde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Altyýew Sapa “Türkmen milli saz gurallary” ugry boýunça III orna, Toşşyýewa Oguljahan “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” ugry boýunça höweslendiriji hormat hatyna mynasyp boldular. 
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri 
Akmyradowa G

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm