Sergi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplaryň sungata we döredijilige degişli işleri görkezilen kiçi göwrümli sergi geçirildi. Sergide ýaş zehinleriň özboluşly gözýetimi bilen ýerine ýetiren çeper, medeni hem-de aýdym-saza degişli işleri görkezildi. 
Göwrüminiň kiçiligine garamazdan, sergi her bir tomaşaçy üçin döredijiligiň dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Her bir eser bilen tomaşaçy ýürek sesini eşidip, döredijilik güýjüni duýdy. Sergi döredijilikli pikir alyşmalar, estetiki lezzet we ylham bilen gurşaldy. 
Munuň ýaly çäreler diňe bir talyplaryň zehinlerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem konserwatoriýanyň medeni giňişligini baýlaşdyrýar we sungat bilen baglanyşykly ruhy dünýäňi ösdürýär. 
                                                                                         “Nakgaşçylyk” bölüminiň   
    mugallymy Annaýewa Selbi

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm