Okuw-usuly maslahat
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Arkadag şäher Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümleriniň bilelikde geçirilen okuw-usuly maslahatyň meýilnamasy:
Okuw-usuly maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary Baýramow Serdar Ezizgulyýewiçiň giriş sözi;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri Ş.T.Annagylyjowanyň, çykyşy;
Tema: “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 07.03.2022ý. senedäki M77 buýrugynyň esasynda Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim boýunça özara hyzmatdaşlygyny üpjün etmek hakyndaky buýrugynyň ýerine ýetirilişi”
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z.O.Jumagulyýewanyň çykyşy;
Tema:“Ýyllyk işlerini ýazmagyň talaplary we usullary”
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Y.P.Osipowanyň çykyşy;
Tema: “Solfejio” we “Garmoniýa” derslerini okatmakda usuly görkezmeler”
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri E.N.Öweniýazowanyň çykyşy;
Tema: “Saz nazaryýet derslerini okatmakda ýüze çykýan kynçylyklaryň üstünde işlemegiň usullary”
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy L.N.Amanowanyň çykyşy;
Tema: “Garmoniýa” dersi boýunça talyplary okatmakda öz işimde peýdalanýan mugallymçylyk usullarym”
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewanyň çykyşy;
Tema: “Häzirki wagtda saz nazaryýet derslerini okatmakda netijeli usullar”
Okuw-usuly maslahata gatnaşyjylaryň pikirlerini, tekliplerini diňlemek hem-de ara alyp maslahatlaşmak we maslahaty jemlemek.