B Ä S L E Ş I K

Gahryman Arkadagymyzyň: "Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň- bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilen bilelikde "Garaşsyzlyk—bagtymyz» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyza guwanmak we onuň şanly 34 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak hem-de şöhratlandyrmak hemmämiziň borjumyzdyr. Şeýle asylly maksatlardan ugur alyp, «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly döredijilik bäsleşigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini we ýurdumyzyň, halkymyzyň, şeýle hem bütin dünýäniň ykbalynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezmekde we wagyz etmekde örän wajypdyr.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän makalalarda, goşgudyr hekaýalarda mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gelip çykýan parahatçylygy pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, birek-biregi goldamak ýaly gadymdan gelýän ýörelgelerimiz, bagtyýar geljegimiz üçin alnyp barylýan işler, gazanylýan ösüş-özgerişlikler, halkara derejede hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslary, anyk ýörelgelere we aýdyň maksatlara esaslanýan syýasy-ykdysady wakalar öz beýanyny tapmalydyr. Halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy dabaralandyrmakda we bütin dünýäde wagyz etmekde alyp barýan işleri, bu babatda öňe sürýän gymmatly pikirleri, berýän tabşyryklary hem-de öwüt-ündewleri döredijilik işlerinde açylyp görkezilmelidir.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik goşgularyny, makalalaryny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly diýen ýazgy bilen bäsleşige hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) goşup, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna (Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly 28, Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumy) ýa-da arkadag_gazeti@sanly.tm elektron salgysyna ibermeli.
Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 57-39-66, 57-39-68.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm