Köňülleriň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur dabaralara beslenýär. Şeýle ajaýyp şatlykly günlerimizde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz has-da döwrebaplaşdyrylýar, täze öwüşgine eýe bolýar. Türkmen halkynyň baý edebi mirasy öz köküni irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuşy bilen deň-derejede ösýän milli mirasymyz, milli gymmatlyklarymyz, çeper edebiýatymyz hem kämilleşip, arkama-arka dowam edýän milli gymmatlyga öwrülýär. Geçirilýän we gurnalýan çäreler, söhbetdeşlikler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 
  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem-de çeper edebiýaty bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda “Köňülleriň çyragy” atly duşuşyk çäresi geçirildi. Bu gepleşige Arkadag şäheriniň häkimliginiň hünärmeni, ýaş şahyrymyz Meýlis Ataýew öz döredijiliginden syzylyp çykan goşgy setirlerini joşgun bilen ýerine ýetirip berdi. Biz hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp deň duşlarymyz bilen bilelikde Meýlis Ataýewiň goşgularyny uly höwes bilen diňledik. Şeýle-de bu gepleşige gatnaşan talyp deň-duşlarymyz Meýlis Ataýewe dürli-dürli gyzykly soraglar berdiler. Ol hem täsin jogaplar bilen biziň bu gatnaşan duşuşygymyzy has-da gyzyklandyrdy. 
    Däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin hem däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep-kadalarymyzy içgin öwrenmelidiris, olary durmuşymyza ornaşdyrmaly, gadryny bilmelidiris. 
    Biz talyp ýaşlara, ähli türkmen halkymyza milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda asylly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sagbolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly, döwlet ähmiýetli asylly işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!  
“Üflenip we kakylyp çalynýan
saz gurallary” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm