Ekologiýa abadançylygy
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda suw, ýer we geologiki serişdelerden netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, ilatyň ekologiýa düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabaralary ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär. Tebigaty gorap saklamak bilen bagly bu asylly işlere halkymyzyň ähli raýatlarynyň giňden çekilmegi bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Ata Watanymyzda arassa ekologiýa gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýurdumyzda ekologiýa arassalygyny gorap saklamak, daşky gurşawyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu günki gün hem mekdebimiziň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň mugallymlary we talyp ýaşlary ýowara çykdylar. Bag ekdiler, meýdançany haşal otlardan arassaladylar. Umuman daşky gurşawyň arassaçylyk işlerini ýerine ýetirdiler.
Ekologiýany goramak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Ýaşlara nusgalyk görelde bolup, belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
“Üflenip we kakylyp çalynýan
saz gurallary” bölüminiň 2-nji ýyl talyby
Aýgül NURLYÝEWA.