Türkmen milli tanslary - Bagtyýarlyk döwrüň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sungatynyň dürli görnüşini, milli mirasymyzy ýaş nesillere ýetirmek hemde ony kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen tans sungaty Bagtyýarlyk döwrümizde, toýdur-baýramlaryň bezegi bolup uly sahnalarda  öz ornuny tapdy. Halypa hünärmenleriň, sungat ussatlarynyň, ýaş tansçylaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlaryň, ussatlyk sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi bu ugurda zähmet çekýänleriň tejribe alyşmagyna, döredijilik taýdan hasda kämilleşmegine, tans sungatynyň gadymy nusgalarynyň täzeden dikeldilmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň gurnamagynda “Parahatçylygyň dabaraly tanslary” atly okuw-usuly onlaýn maslahaty geçirildi. Bu onlaýn maslahatyna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýörite orta sazçylyk we sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu onlaýn maslahaty “Horeografiýa sungaty” bölümleriniň mugallymlary we talyplary üçin örän täsirli boldy. Halypa mugallymlaryň geçiren sapaklary, ýerine ýetirilen ajaýyp tans hereketleri ýokary derejede tans sungatynyň ussatlygyny görkezdi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň talyplary  “Türkmen tansy” dersi boýunça  “Çopanlar”, “Pyýala”, “Küştdepdi” ýaly ajaýyp milli tanslaryny joşgunly ýerine ýetirdiler.
Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä sahnalarynda dabaralandyrýan,  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

                               “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri 
Gülendam HAPYZOWA 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm