BAÝRAMÇYLYK SERGISI

Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekany bolan, Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi “Türkmen bedewiniň milli baýramy” uludan  dabaralanýar. Şu gün aprel aýynyň 10-na Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde  “Nakgaşçylyk we Dizaýn” bölüminiň  talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide esasan türkmen ahal-teke bedewleriniň keşbini, Watanymyzyň jana ýakymly, arassa howaly tebigaty bilen baglanyşdyryp, bedew bady bilen öňe barýan, Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän, döredijilikli işler esasy orun aldy. Ady äleme dolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gyzgalaňly pursatlary örän çeperçilik bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle-de baýramçylyk we täze döredijilik sergisiniň açylmagy mynasybetli “Arkadag” teleýaýlymynda hem ýörite gepleşik ýazgy edildi. Bu ýazgyda bölümiň hünär öwredýän ussat mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Şu pursatda türkmen halkynyň goşa ganaty, göz guwanjy ahal-teke bedewlerimizi dünýä ýüzüne tanadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin. Goý, Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


                             “Dizaýn” bölüminiň 2-nji ýyl talyby 
                                                  Saparowa OGULŞAT

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm